Ýapon hyzmatdaşlary bilen wideoduşuşyk boýunça gepleşikler geçirildi

19:41 27.08.2020 12774

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/559/original-15f47c5cb9d8fb.jpeg

2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Ind. Ltd» kompaniýasynyň prezidenti T. Watanabe bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo duşuşyk boýunça gepleşikler geçirildi.

«Kawasaki Heavy Ind. Ltd» kompaniýasynyň prezidenti T. Watanabe duşuşygyň başyny başlamak bilen, ikitaraplaýyn alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de has depginli işjeňleşdirmekligi teklip etdi hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji toplumynyň taslamasynyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, öz gezeginde, alnyp barylýan işlere minnetdarlyk bildirmek bilen, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň bilelikde üstünlükli ýerine ýetirilen taslama bolup durýandygy barada belläp, dünýäde ilkinji bu gazhimiýa toplumynyň häzirki döwürde ulanylyşy barada gysgaça durup geçdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň nebitgaz, nebithimiýa senagatynda täze taslamalaryň gurluşygyna we bar bolan önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagy babatdaky mümkinçilikleri uludyr.

Soňky ýyllarda Ýaponiýanyň işewür toparlary täjirçilik taslamalary ilerletmekde oňat şertler döredilen, geljegi uly bolan türkmen bazaryna uly isleg bildirýärler. Dünýä belli ýapon kompaniýalary birnäçe ugurlar boýunça, hususan-da, nebit himiýasy, elektroenergetika, gurluşyk materiallary senagaty, şeýle hem maýa goýum ugurlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

Geçen ýylyň 28-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy türkmen-ýapon işewür hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Gurluşygy “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Kawasaki Heavy Ind. Ltd.» (Ýaponiýa) hem-de «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylan, umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolan bu toplum ýylda 1 milliard 785 million kubmetr gazy gaýtadan işläp, ekologik taýdan arassa ЕСО-93 benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny we arassalanylan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Başga makalalar
164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


1684a868de806b.jpg
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.


1684bd5fa7a04a.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1684a8f104424b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.


1684d16c67d5d7.jpg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.