Türkmen alymy Türkmenistanda geliý önümçiliginiň strategik bähbidine ynam bildirýär
11:21 26.08.2020 12738
Türkmenistandan professor, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow CentralAsia.news saýtyna beren interwýusynda Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşini üpjün edip biljek önüm hökmünde geliý önümçiliginiň strategik taýdan utuşly mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
Professoryň belleýşi ýaly, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde geliý ýetmezçiligi emele geler, şonuň üçin hem eýýäm häzirden onuň önümçiligini artdyrmak hakynda pikirlenmek gerek. Esasan hem, geliý tebigy gaz toplumlaýyn gaýtadan işlenilende bölünip taýýarlanylýar.
Şu nukdaýnazardan, bu özboluşly çig maly öndürmek boýunça häzirki zaman infrastrukturany emele getirmek üçin Türkmenistanda ägirt uly mümkinçilikler bar. Gaz känlerini özleşdirmekligiň artmagy netijesinde Türkmenistan geliýni iri öndürijileriň hatarynda öňdelige aňsatlyk bilen çykyp biler. Öz sözlerini tassyklap, ylmy işgär Türkmenistanyň uglewodorod gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýändigini belläp geçdi.
— Bu gazyň önümçiliginiň toplumlaýyn infrastrukturasyny döretmek üçin Türkmenistanda ägirt uly mümkinçilikler bar. durnukly ykdysadyýete we ösen nebitgaz infrastrukturasyna eýe bolan türkmen döwleti düzüminde geliý saklaýan tebigy gazy çykarmaklygy we peýdalanmaklygy düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň toplumyny düzüp bilerdi – diýip alym belleýär.
Onuň pikirine görä, «Galkynyş» gaz käni, «Täjibaý» meýdançasy, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi we tebigy gazyň geljegi uly beýleki meýdançalary geliýniň mümkin bolan çeşmeleri bolup biler.
Olaryň her birini düzüminde geliýni göterimleýin saklaýşyny barlamak gerek. Geliýni senagat taýdan almak üçin tebigy gaz ýeke-täk çig mal çeşmesi bolup durýar diýen ýaly. Geliýni iri öndürijileriň hatarynda Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeläp biler. Ýiti ýetmezçilik edýän senagat önüminiň Türkmenistanda önümçiliginiň mümkinçilikleri ýurduň tebigy gaz känlerinde onuň ätiýaçlyklarynyň derejesi bilen kesgitlenilýär, diýip Ylýasow belleýär.
Eger-de barlaglaryň dowamynda gaz känleriniň haýsy hem bolsa birinde geliýniň derejesi örän ýokary bolup çyksa (1000 kub metr tebigy gaza 0,2-0,8%), onda ol geliýni çykarmakda we işläp taýýarlamakda geljegi uly bolup biler.
Ylýasowyň pikirine görä, ilkinji nobatdaky ädim hökmünde gazkondensatly känleri toplumlaýyn barlag taslamasyny, şol sanda gazy çykarmak we gaýtadan işlemek, geliýni bölüp almak, saklamak we ibermek infrastrukturasyny döretmek işlerini durmuşa geçirmek bolar.
Çig maly satmak üçin mümkin bolan bazarlar hökmünde Ylýasow ony sarp edýän iri merkezler bolan ABŞ-ny, Hytaýy, Koreýa Respublikasyny, Singapury, Tailandy, Hindistany, Ýaponiýany, Skandinawiýa ýurtlaryny, Awstraliýany we Täze Zelandiýany belläp geçdi. Mundan başga-da, geliý ulanmak arkaly tehnologiýalaryny ösdürýän ýurtlaryň sany barha artýar.
Analitikleriň çaklamalaryna görä, 2020-2022-nji ýyllarda dünýä bazarlarynda geliýniň sarp edilişiniň artmagy netijesinde öňdebaryjy öndürijileriň ammarlarynda bu gazyň ýetmezçiligi ýüze çykyp başlar. Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň bazarlary has hem depginli ösýär — soňky ýyllarda geliýe bolan isleg bu sebitde 5-10% artdy.
Geliýni iri öndüriji bolmak we bu gymmatly önümi dünýä bazaryna çykarýan döwlet bolmak üçin Türkmenistanda tebigy, tehnologik we adam serişdeleriniň ählisi bar, diýip alym belledi.
Tehniki ylymlaryň doktory lukmançylyk we senagat ulgamlaryndan giňden peýdalanmak bilen çäklenmän, geliýniň adamzat ösüşini herekete getiriji bolup durýandygyna hem ünsi çekdi. Alym geliýniň harby-tehniki, awiasion, raketa, elektron we atom ulgamlarynda zerurlygyny hem belledi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.