Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady

09:04 28.07.2022 11655

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5182/original-162e0deab41c93.jpeg

«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine  2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.

ICE Futures biržasynda TTF-niň iň ýakyndaky fýuçersiniň (awgust) bahasy sişenbe güni agşam 2244 dollara çenli göterildi.

Bir gün öň söwdalaşyklar 1852 dollar derejede ýapyldy, aýyň başyndan bäri bolsa kotirowkalar ortaça 1720 dolar bolupdy.

Işläp taýýarlamalaryň aralyk abatlaýyş möhleti tamamlanandan tä düýpli abatlaýşa  çenli konsern "Portowaýa" gaz gysyjy bekedinde ýene bir Siemens gaz turbina hereketlendirijisiniň işini togtadar diýip, 25-nji iýulda "Gazprom" habar berdi.

Netijede "Portowaýa" gaz gysyjy bekediniň gije-gündizdäki öndürijiligi 27-nji iýulda moskwa wagty bilen 07:00-da,  häzir gije-gündiziň dowamyndaky  67 mln kub. metr bilen deňeşdirilende, gije-gündiziň dowamynda 33 mln kub metre (önümçiligiň 40%-i) çenli azalar.

Rystad Energy barlag kompaniýasynyň seljerijileriniň bellemegine görä, "Demirgazyk akymy" boýunça gaz şu derejede goýberilse, Ýewropa bileleşigine 1-nji noýabra çenli gazyň ýerasty saklanýan ýerinde gazyň 80% maksatly ätiýaçlyk derejesini gazanmak başartmaz. Mundan hem başga, golaýlap gelýän tupanlar möwsümi ABŞ-dan Ýewropa suwuklandyrylan gazy eltmegi kynlaşdyrar.

Başga makalalar
16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.