Ýedi aýyň jemine garaldy
10:52 26.08.2020 11448
17-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we hormatly Prezidentimiziň 14-nji awgustda wideomaslahat görnüşinde geçiren mejlisinde toplumyň öňünde bellän wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, ministrleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýygnaklara bellenen arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, az sanly adamlary, ýagny diňe esasy ýolbaşçylary çagyrmak barada beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly
Prezidentimiziň nebitgaz toplumynyň öňünde bellän wezipeleri barada giňişleýin durup geçdi.
Wise-premýer soňra geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berdi. Ministr hasabatynda konserniň edara-kärhanalary tarapyndan ady tutulan döwürde önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy barada habar berdi. Ýagny geçen hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazyň önümçiligi, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüşi hem artdy.
Konsern tarapyndan tebigy gazyň we ondan alynýan ugurdaş önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary gözlemek we ulanmaga bermek, öň bar bolan guýularyň önüm berijiligini güýçlendirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär.
Soňra wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň beýleki edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Hasabatlara görä, «gara altyny» çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň, benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, şeýle hem Gyýanlydaky polimer zawodynda, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän toplumda önümçilikleriň depginini has-da güýçlendirmek ugrundaky işler maksatnamalaýyn dowam etdirilýär. «Galkynyş», Döwletabat gaz känlerinde, Uzynada, Altyguýy we Goturdepe ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hem giňişleýin durlup geçildi. Wideomaslahatda milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak barada işjeň pikir alşyldy.
Täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda, awtoulaglary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa ýangyç bilen üpjün etmekde gazanylýan sepgitler, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarydyr hünärmenleriniň nebitdir gazyň çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary gözläp tapmak ugrunda ylmy barlaglarynyň netijeleri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň geçen döwürde gazanan maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky hasabatlar diňlenildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda ýetilen belen sepgitler, gazanylýan oňyn görkezijiler toplumyň işgärlerini has-da öndürijilikli zähmet çekip, şanly Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň öňde duran baýramçylyklaryna mynasyp toý sowgatlary bilen barmaga ruhlandyrmalydyr diýip, ýygnananlara hormatly
Prezidentimiziň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellän wezipelerini durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.