Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär, Brent 121 dollardan geçdi
09:43 09.06.2022 10951
Treýderleriň Günbatar ýurtlarynda awtomobil möwsüminiň başlanmagy, şeýle hem Hytaýda kowid çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy bilen baglylykda, dünýä bazarynda energiýa serişdelerine bolan islegiň teklipden artmagyna garaşmaklarynyň barşynda nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Morgan Stanleyniň analitikleri Marteýn Ratsyň we Emi Sýoržantyň pikirine görä, nebit bazary şu ýylyň ikinji ýarymynda günde 500 müň barrel nebit ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bilermenleriň bu ýagdaýda garaşýan çaklamalaryna laýyklykda, nebitiň bahalary üçünji çärýekde 150 dollara ýeter.
Brent nebitiniň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda çarşenbede 121,15 dollara bardy.
WTI nebitiniň bahasy bolsa, Nýu-Ýorkdaky haryt biržasynyň elektron söwdalarynda 0,59% gymmatlap, 120,11 dollara ýetdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.