OPEC+-yň önümçiligi artdyrmak kararyndan soň, nebit az-owlak arzanlady
11:35 04.06.2022 5584
Nebitiň dünýä boýunça bahalary anna güni irden az-kem arzanlap, barreliniň bahasy 117 dollardan sähel geçdi. Muňa söwda maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, Report azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.
Bir gün öň ýany, OPEC+-yň önümçiligi artdyrmak kararyndan soň, nebit gymmatlady, indi bolsa, maýadarlar bu kararyň netijelerine gaýtadan düşünýärler. Muňa analitikleriň synlary we söwda maglumatlary şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, Brent söwda belgili nebitiň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy 0,34% aşaklap, 117,21 dollara, WTI-niň iýul fýuçersleriniň bahasy 0.49% aşaklap – 116,3 dollara deň boldy.
Bir gün öň ýany, OPEC+ ýurtlarynyň awgust we iýul aýlarynda nebit önümçiligini artdyrmak kararyna gelenlerinden soň, nebitiň bahasy ýokarlandy. Her aýda meýilleşdirilen 432 müň b/g derek, günde 648 müň b/g nebit öndüriler.
OPEC+ bu kararyny Russiýada önümçiligiň peselmegi bilen däl-de, dünýäde nebite bolan islegiň artmagy bilen düşündirdi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.