Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 1-nji noýabra çenli 2023-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy

09:14 27.05.2022 12342

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4667/original-1628f2a9a18527.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maliýe we  ykdysadyýet ministrligine 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny taýýarlamak tabşyryldy.

«Maliýe we  ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi» diýlip Kararda aýdylýar.

Şeýle hem resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ibermek bellenildi.

Şeýle hem bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

Başga makalalar
16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.