Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz toplumyna ýolbaşçylary belledi
11:07 07.04.2022 14530
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hakynda karara gol çekdi. Şol sanda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow B.Amanowy Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutany degişli Permana gol çekip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy çykarmak boýunça kabul edilen meýilnamanyň doly ýerine ýetirmelidigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini tebigy gazyň zerur mukdary bilen ilkinji nobatda üpjün etmelidigini, ilatly ýerlerde suwuklandyrylan gaz ýangyjynyň bökdençsizligini üpjün etmelidigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmagy, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmagy, şeýle hem gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleri görmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, B.Amanowa işde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutany G.Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, döwlet konserniniň ýolbaşçysyna nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek meselesini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Prezident gaýtadan işleýän kärhanalary çig nebit bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu işlerde konserniň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutany M.Rozyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, döwlet korporasiýasynyň täze bellenen ýolbaşçysynyň ünsüni öňde duran işiň esasy ugurlaryna çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazyň ýeterlik gorlarynyň bardygyny nazara alyp, gözleg-barlag hem-de buraw işlerini, esasan, nebitiň gorlaryny artdyrmaga gönükdirmek zerurdyr.
Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerine baý meýdançalarda seýsmiki-gözleg işlerini netijeli dowam etdirmegi, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmagy hem-de özleşdirmegi, ýerasty suwlaryň hem-de gaty magdanlaryň gorlaryny artdyrmagy we bu ugurda bar bolan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini tapmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyryp, M.Rozyýewe öňde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryna ýolbaşçylary belländigi we olara gymmatly maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, pudagyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak ugrunda degişli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.