Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy tamamlandy
11:45 01.04.2022 14971
Çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumynyň ikinji — jemleýji güni geçirildi. Onuň çäklerinde öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň täze işläp taýýarlamalar we pudakda gazanan tejribeleri barada çykyşlary diňlenildi.
Forumyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar dört sany tematiki sessiýanyň — «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri»; «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorodlary gaýtadan işlemekde we ibermekde halkara hyzmatdaşlygynyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» atly sessiýalaryň çäklerinde meseleleriň giň toplumyny maslahatlaşdylar.
Şeýlelikde, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň Ylmy-barlag institutynyň direktory Baýrammyrat Pirniýazowyň çykyşynda Derweze kraterini söndürmek boýunça geçirilen işler barada maglumat berildi. Mälim bolşy ýaly, bu gaz kraterini söndürmek we gazyň zyýanly zyňyndylarynyň öňüni almak wezipesini ýurduň Hökümeti 2022-nji ýylyň ýanwarynda nebitgaz toplumynyň öňünde goýdy.
Çykyşda bellenilişi ýaly, bu meseläniň çözgüdi boýunça Belarusuň we Sloweniýanyň alymlaryndan teklipleriň geldi. Gyzyklanma bildirýän hünärmenler bu taslamany durmuşa geçirmäge çagyryldy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar hakynda TNGIZT-niň baş direktory Döwran Çişiýew gürrüň berdi.
Şunuň bilen baglylykda, pudagyň möhüm ugry bolup, ekologiýa taýdan arassa, amatly bahaly önümleriň önümçiligi bolup durýar. Kärhanada «Euro 5» derejesiniň ekologiýa häsiýetnamalaryna we ýokary hile eýe bolan gidro arassalanan ýangyjyň önümçiligi bu ugurda nusgalykdyr.
Soňky wagtlarda toplumyň assortimenti Jet А-1 kysymly awiakerosin, bioksial ugurly polipropilen örtgüleri we ýokary hilli awtomobil ýaglary bilen artdyryldy. Ýokary oktanly awtomobil benzinleriniň düzüm bölekleriniň — ugurdaş butanlaryň himiki sintezi bilen alynýan alkilatyň önümçiligi ýola goýuldy.
Şeýle hem Euro-5 we Euro-6 ülňülerine laýyk gelýän ýokary oktanly ekologiýa taýdan arassa AI-98 benzininiň önümçiligi ýola goýuldy.
Häzirki wagtda TNGIZT-niň harytlyk önümi nebit önümleriniň köp sanly görnüşleri we kysymlary bilen hödürlenilýär. Şolaryň hatarynda suwuklandyrylan nebit gazy, awtomobil benzininiň dürli görnüşleri, giň toplumly kerosin, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, binýatlaýyn, sintetiki, ýarym sintetiki we harytlyk ýaglar, nebit koksy, dürli kysymly nebit bitumlary, şeýle hem gomopolimer we olaryň ugurdaş önümleri görnüşinde nebithimiýanyň önümleri bar.
Her ýylda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak we ýokarlandyrmak üçin bu ugurdaky dünýä liderleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we bilelikdäki synag-senagat barlaglaryny geçirmek arkaly kärhanada yzygiderli ýagdaýda täzelenen we kämilleşdirilen himiki reagentler, goşundylar ornaşdyrylýar.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçiligini giňeltmegi maksat edinýändigi we geljekde täze tehnologiki desgalary elektroenergetika bilen üpjün etmek üçin iki sany gazturbinaly elektrobloklaryň gurluşygyny amala aşyrýandygy habar berildi. Olaryň işe girizilmegi häzirki hereket edýänwe täze tehnologik desgalaryň energiýa üpjünçiligini bökdençsiz amala aşyrmaga ýardam eder.
Forumyň ikinji gününde şeýle hem türkmen nebitgaz toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Gepleşiklerde özara gatnaşyklary ilerletmegiň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dünýäniň 32 döwletinden 90 kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşan bu forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Forum tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy
Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.