Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
15:42 24.03.2022 11400
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengaz»döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi:
- Men Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli şu günler onuň adyna aýdylýan köp sanly gutlaglara goşulýaryn.
Men ata Watanymyzyň durmuşynda bary-ýogy bir aýyň içinde bolup geçen birnäçe taryhy wakanyň – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, saýlawlaryň hem-de döwlet Baştutanymyzyň wezipesine girişmek dabarasynyň şaýady boldum. Men muny özüm üçin uly hormat saýýaryn.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletiň sütünlerini berkitmekde möhüm ädimler ädildi, munuň şeýledigini Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine ýaş dalaşgärleriň görkezilmegi hem-de saýlawlaryň barşy aýdyň görkezdi.
Serdar Berdimuhamedow – özüne ynanylan ähli ýolbaşçy wezipelerde özüni iş başarjaň ýolbaşçy hökmünde görkezdi. Halkymyz oňa iň gymmatly zady – Watan ykbalyny ynandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýobaşçylygynda eziz Watanymyz Türkmenistanyň has-da gurplanyp, has-da gözelleşjekdigine, kuwwatlanjakdygyna ynanýaryn. Hormatly Prezidentimize bagtyýarlyk hem-de mähriban ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär
Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhubelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edilýär.