Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi —MST
14:03 15.03.2022 12753
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezident saýlawlarynda sesleriň aglaba bölegini — 72,97%-ini gazandy.
Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary habar berdi.
Beýleki dalaşgärler 1,1%-den 11,09%-e çenli ses aldylar.
«Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi» - diýlip MST-niň saýtynda bellenilýär.
Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň kasam kabul etmek dabarasy 19-njy martda «Oguzhan» köşkler toplumynda geçiriler.
«Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi: ýanwar-iýul aýlarynda 330,5 müň tonna nebit çykaryldy
Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň iň irki känleriniň birinden 330,5 müň tonna «gara altyny» çykardylar we gaýtadan işlemäge iberdiler. Munuň özi hasabat döwri üçin önümçilik meýilnamasynyň 112% töweregine deňdir.
Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň komissary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşygynda aýtdy. Muny TDH ýetirýär.
Serdar Berdimuhamedow Guterrişe BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy
Türkmensitanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Pekin we Aşgabat arassa energetika we “akylly şäher” ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
16-njy iýulda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekiliýeti Pekindäki Tongfang Co., Ltd. öňdebaryjy hytaý kompaniýasynyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda sanly tehnologiýalar, akylly energetika we “akylly şäherler” ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilişi baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.