OGT – 2022 Halkara maýa goýum forumy 29-30-njy martda geçiriler

09:31 16.03.2022 5251

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4160/original-162302b831ecc4.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara maýa goýum forumy (OGT – 2022) 2022-nji ýylyň 29-30-njy martynda geçiriler. Forumy guramaçylar bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Däp bolan, şeýle hem onlaýn görnüşde geçiriljek bu abraýly forum Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, türkmen döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär. Forumyň birinji sessiýasynyň çäklerinde şeýle hem Dubai Expо bilen göni ýaýlym ýola goýlar.

Foruma Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Halkara energetika agentligi, Halkara gaz birleşigi, Gazy eksport edijileriň forumy, OPEC, CNPC, Lukoýl, Socar, Dragon Oil, Petronas ýaly halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň barşynda nebitgaz toplumynyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlaryny çekmek, gazhimiýa ulgamynyň geljegi, «ýaşyl» geçiş we beýleki meseleler maslahatlaşylar.

Prezentasiýalar we panel gepleşikleri «Galkynyş» gaz känini mundan beýläk hem özleşdirmek, Dostluk ýatagyny bilelikde işläp taýýarlamak, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahamçasyny gurmak, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, himiýa gazlarynyň utilizasiýasy we beýleki maýa goýum taslamalaryna bagyşlanylar.

Mundan başga-da, Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň milli kompaniýallarynyň ýolbaşçylary bilen halkara hyzmatdaşlarynyň duşuşyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat meýdança bolup hyzmat eder.

Has jikme-jik maglumaty almak üçin şu salga girip bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com  ýa-da elektron poçta arkaly: info@turkmen-forum.com

Başga makalalar
164ff58b0c3594.jpg
Nebitgaz toplumynda sekiz aýyň jemlerine garaldy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1650144cb1deef.png
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.


164ff46db6e7a1.jpg
Ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu barada geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


164ff440cd8172.jpg
«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy

Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.