Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
11:20 05.03.2022 12443
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Şolardan: 544-si Türkmenistanyň demokratik partiýasy, 355-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 390-sy Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 520-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy, 290-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan, 84-si bolsa raýatlar toparlary, 18-si hem dalaşgärler tarapyndan bellenildi.
Bellenilişi ýaly, milli synçylaryň 47,76 göterimi zenanlardyr.
Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar saýlaw möwsüminiň kanunalaýyklykda geçirilişine syn edýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda milli synçylardan başga-da, GDA-dan gelen daşary ýurtly synçylar hem gözegçilik edýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy
Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.