Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
14:27 28.02.2022 6196
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk dostlugyň, ynanyşmagyň we doganlyk halklarymyzyň özara hormat goýmagynyň berk binýadynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşler köptaraply gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin örän oňaýly şertler döredilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda iki ýurduň eýerýän ýörelgesiniň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi şanly sene — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.
Geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejelere çykdy we häzirki wagtda giň ugurlarda güýçli depginde ösdürilýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady hem-de şol gatnaşyklaryň dostluk, doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanandygyny belledi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Türkmenistanyň çäklerinde energetika ulgamynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki pudaklarda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan türk kompaniýalarynyň alyp barýan köpýyllyk üstünlikli işleri netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Şunda geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk şereketlerini çekmek arkaly, şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy.
Türkmen Lideri türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň halkynyň bähbidine we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistan «Ýewropa Bileleşigi — MA» ýurtlarynyň Owganystan boýunça maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çarşenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystandaky ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň duşuşygynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Özbegistanyň habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistan BSG-na goşulýan ýurt derejesini aldy
Geçen çarşenbe güni Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Jidde şäherinde Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady diýip, TDH habar berýär.
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler
29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.