Türkmenistan «Ýewropa Bileleşigi — MA» ýurtlarynyň Owganystan boýunça maslahatyna gatnaşdy
19:10 25.02.2022 6479
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çarşenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystandaky ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň duşuşygynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Özbegistanyň habar beriş serişdeleri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylda 22-nji noýabrda Duşenbede geçirilen «ÝB-Merkezi Aziýa» 17-nji ministrler duşuşygynda oňa gatnaşyjylar söwda, maýa goýumlar, ekologiýa ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, Owganystana ýagdaýa aýratyn üns çekdiler. Ýewrokomissiýa kömek bermek maksady bilen Owganystana we goňşy ýurtlara 1 milliard amerikan dollaryny bölüp berdi.
Türkmen wekili Owganystany ykdysady we maliýe gatnaşyklary ulgamyna çekmegiň we bu ýurduň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi.
Halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň Owganystandan üstaşyr geçýän energiýa, ulag we senagat geçelgeleriniň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy üçin olar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýykdygyna ynanýarys diýip, Mämmedow aýtdy.
Soňra türkmen ilçisi ýurtlary we halkara guramalary owgan halkyna yzygiderli we hemmetaraplaýyn ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy.
Duşuşyga gatnaşan beýleki taraplar hem Owganystandaky ynsanperwer ýagdaý barada alada edýändiklerini belläp, beýleki döwletleri owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdylar.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.