Merkezi saýlaw topary Türkmenistanda Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresini tamamlady
09:43 24.02.2022 5451
Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy. Dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresi tamamlanandan soň, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda habar berilýär.
Sişenbe güni Merkezi saýlaw topary Aşgabat şäherinden we Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleri bellige aldy.
Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow dalaşgär hökmünde hödürlenildi. Olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda habar berlişi ýaly, şunlukda dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamalandy.
Häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär.
22-nji fewralda Daşoguzda iki sany dalaşgäriň saýlawçylar — Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Dalaşgärler saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Dalaşgär A.Bekmyradowyň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda durmuş ähmiýetli wezipeler, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça çäreler aýratyn orun eýeleýär. Meredowyň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda beýan edilişi ýaly, Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek maksady bilen, häzirki döwürde döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanylan giň möçberli üstünlikleri artdyrmak zerurdyr.
Şeýlelikde, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dokuz sany dalaşgär bellige alyndy. Şol sanda, bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň raýatlarynyň teklipçi toparlaryndan alty dalaşgär bar. Ýene-de üç dalaşgär Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan bar.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.