Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy

14:54 22.02.2022 14958

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4022/original-1621488ae4e18b.jpeg

Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebiň mugallymy T.Aramedowa ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň geçen zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri ýaş, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän, giň gerimde pikirlenmäge ukyply hem-de dürli döwlet wezipelerinde işlän ýyllarynda milli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň uly tejribesini toplan jogapkärli ýolbaşçy, şeýle hem ýokary ahlak sypatly we guramaçylyk başarnyklaryna eýe bolan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýyny has-da belende götermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, ösüşiň täze tapgyrynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitleýär diýip belledi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär raýatlaryň ýokary durmuş derejesini hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmek üçin tutuş halkyň has-da jebisleşmeginiň hem-de tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, hemmelere türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik maksatnamalary amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeler geljekde hem mynasyp dowam etdiriler diýip, dalaşgär belledi.

Serdar Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipeleri beýan edip, olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, obalarda we şäherlerde täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleri hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak meselelerini aýratyn nygtady.

Dalaşgäriň maksatnamasynda telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine hususyýetçileri çekmek wezipeleri kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, saýlawçylaryň sargytlaryny nazara almak bilen, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler diýip, dalaşgär nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Başga makalalar
16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.