Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
16:06 22.02.2022 5939
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.
Hususan-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow Türkmenistanyň Prezidentligine hödürlenildi.
Aşgabat şäherinde raýatlaryň teklipçi topary iň ýokary döwlet wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewi dalaşgär hökmünde hödürledi.
Daşoguz welaýatynda raýatlaryň teklipçi toparynyň ýygnagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlediler.
Şeýle hem duşenbe güni Aşgabatda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Ahal we Mary welaýatlarynyň raýatlarynyň teklipçiler toparlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň iň ýokary döwlet wezipesine hödürlän dalaşgärleri bellige alyndy.
Hususan-da, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy bellige aldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary 12-nji martda geçiriler.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.