Türkmenistanyň Baştutany energiýa serişdelerini Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini öwrenmegi tabşyrdy

09:03 17.02.2022 5743

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3981/original-1620c97282ac0d.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň tebigy gazynyň we energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşykdy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gatnaşdy.

Wise-premýer Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususan-da, uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, täze eksport ugurlaryny açmak boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geografik taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistana dünýä giňişliginde uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, aýratyn-da, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we bu ugurda degişli gepleşikleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Prezident wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçirmek babatdaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, şunda önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi hem-de kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
162f9ec9450f7f.jpeg
Hökümetiň göçme mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýanwar-iýul aýy boýunça işleriniň netijeleri jemlendi

Geçen anna güni, 12-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


167bc28629fe9b.jpg
Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň işi maslahatlaşyldy

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli wise-premýerler, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


162f9e70ec400d.jpeg
«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady

15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.


162fb5fca869e5.jpeg
Birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.


167bc9effe534d.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we awiakerosin, içerki bazara polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.