«Türkmennebit» DK nebit önümçiligini artdyrmak üçin 250 mln manatdan gowrak karz serişdelerini alar

13:03 10.02.2022 6163

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3935/original-162037de7bb0c7.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýum serişdeleri bölünip berler. Degişli karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen iş maslahatynda gol çekdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow gatnaşdy.

Resminama laýyklykda, Merkezi banka “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmennebit” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

Resminamada bellenilişi ýaly, karz serişdeleri ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen bölünip berilýär.

Maslahatyň barşynda dwlet Baştutany ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtady.

Prezidentiň belleýşi ýaly, ylmy çemeleşme, sowatly hojalyk we strategik meýilnamalar onuň tapawutly aýratynlygy bolup hyzmat edýär. Bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz öz pudaklaryny ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini maýa goýup bilýän, gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär diýip, türkmen Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de oňat netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirip, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Wise-premýer pudagy has-da ösdürmäge gönükdirip, uly möçberde maýa goýum serişdelerini bölüp bermek barada gol çeken Karary üçin döwlet Baştutanyna ulgamyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri doly derejede, wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna türkmen Liderini ynandyrdy.

Başga makalalar
164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


1684a868de806b.jpg
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.


1684bd5fa7a04a.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1684a8f104424b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.


1684d16c67d5d7.jpg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.