Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy

09:32 02.02.2022 7481

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3879/original-161f8f8c4703ca.jpeg

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda tassyklanan, Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulanmak meseleleri möhüm orny eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär. Bu Merkez 2013-nji ýyldan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Senagat ösüşi boýunça guramasynyň howandarlygynda hereket edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda bu Teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy. Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen teklipleri, umuman, makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy, tebigy serişdeleriň rejeli we aýawly peýdalanylmagy, energiýa netijeliligine ýetilmegi, ekologiýa ulgamlarynyň goralmagy hem-de gaýtadan dikeldilmegi sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, bu ugurda umumy tagallalaryň jebisleşdirilmegine uly goşant goşýar diýip, türkmen Lideri belledi.

Başga makalalar
164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


1684a868de806b.jpg
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.


1684bd5fa7a04a.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1684a8f104424b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.


1684d16c67d5d7.jpg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.