Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
09:45 28.01.2022 14582
26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Nebitgaz toplumynyň agzybir işgärleriniň hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny we guwanjyny artdyran hoş habaryň yzysüre – 27-nji ýanwarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halkyň Arkadagly zamanasynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry’’ atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Dabaraly çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, Döwlet ministri -- ,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, Türkmengeologiýa’’ döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde nebitgaz toplumynda möhüm ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylyşy, nebitgaz, gelogiýa işlerine bölünip berlen maýa goýum serişdeleriniň uly ähmiýeti, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan işler, öňde duran wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.
Maslshatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýokary depginde özgeridilişi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylyşy, nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň we eksport mümkinçilikleriniň yzygiderli artyşy barada öz ýürek buýsanjyny beýan etdiler.
,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň dabaraly çäräniň dowamynda ýerne ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Lebap welaýatynyň saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidentligine Demokratik partiýadan dalaşgär bilen duşuşdylar
Çarşenbe güni Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanda Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresini tamamlady
Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy. Dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresi tamamlanandan soň, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçiriljek “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Raşid Meredow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
13-nji awgustda Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.