Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak üçin karz serişdelerini bölüp bermegi tabşyrdy

15:49 27.01.2022 5526

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3832/original-161f2786f9649d.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol korporasiýanyň hünärmenleriniň täze ýataklary gözlemek we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Demirgazyk Derwüş”, “Günorta Mary” meýdançalarynda, “Malaý” gaz käninde degişli seýsmiki barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem çuň guýulary burawlamagyň meýilnamasyna laýyklykda hem-de gazly we kondensatly gatlaklaryň sanyny artdyrmak üçin gözleg işlerini geçirmek maksady bilen, bu meýdançalarda gazyň gorlaryny anyklamak üçin guýulary burawlamak işlerine girişmek meýilleşdirildi.

Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow türkmen Lideriniň 2022-2023-nji ýyllarda tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak hem-de gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, täze ýüze çykarylan meýdançalarda buraw işlerini geçirmek işleriniň türkmen Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda batly depginler bilen dowam edýändigi barada habar berdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, pudaklar üçin zerur bolan ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanynyň garamagyna nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmen Lideri nebitgaz toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengaz” döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow goşmaça gaz känlerini ulanyşa girizmek, şeýlelikde, içerki sarp edijileri doly üpjün etmek we tebigy gaz babatda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu pudagyň önümçilik kuwwatlyklary we eksport mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de bu ugurda amala aşyrylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Başga makalalar
164a3bc31bb26c.jpg
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


1681d968c048ad.webp
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Ýeňiş güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.


1668f9d566355e.jpg
«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önüm berdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy özgerýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara çykarmakda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.


1668fec434aa53.jpg
Ýurdumyzda sagdyn durmuş dabaralanýar

Geçen hepdede «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygy, hukuk medeniýeti bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň «Nebit-gaz» gazetiniň, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, «Taslama işleri», «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar», Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirlikleriniň işgärleri gatnaşdy.


1620df16f5e974.jpeg
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi

«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.