2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy

18:46 25.01.2022 6058

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3815/original-161ef903530b70.jpeg

2021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.

Ibermeleriň mçöberi boýunça ikinji orny Azerbaýjan eýeledi, ol 2021-nji ýylda Gruziýa 12 müň tonna awiaýangyç iberdi.

Umumylykda, Gruziýa geçen ýylda 96,4 müň tonna awiasion ýangyç import etdi, bu geçen ýylkydan 70,9% artykdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan awiaýangyjyň bu ýurda iberilmeleriniň jemi möçberiniň 60%-ni üpjün etdi.

2021-nji ýylyň iýul aýynda TNGIZT Jet A-1 kysymly täze awiasion kerosininiň önümçiligini ýola goýdy. Ýangyjyň bu görnüşi ýewropa ТС-1 awiasion kerosininiň analogydyr. Bu önüm hem TNGIZT-de öndürilýär. Ol Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýalarynyň howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde, şol sanda Airbus we Boeing howa gämilerinde ulanylýar. Geçen ýylyň güýzünde TNGIZT-de awiasion ýangyjynyň ýene-de bir görnüşini — oba hojalyk pudagynda giňden peýdalanylýan An-2 uçarlary üçin awiasion ýangyç öndürilip başlandy.

Başga makalalar
16790ab03afebe.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Monakonyň Şazadasy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirdi. Onda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164e5b16ded526.jpg
Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.


1686bf5109d3d9.jpg
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.


1686bf4460190e.jpg
Iş maslahaty geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasy tarapyndan garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärler bölümleriniň amala aşyrýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň iş tejribesini artdyrmak hem-de degişliligi boýunça wezipeleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly iş maslahaty geçirildi.


161bae735d28fb.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 1550 dollara bardy

Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň gowşak goşandy, bäsdeşlik edýän bazarlarda bahalaryň ýokarlanmagy we sebitde öň çaklanylyşyndan has sowuk howa garaşylmagy netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy çarşenbe güni, 15-nji dekabrda söwdalaryň açylmagy bilen ýokarlanmagyny dowam etdi diýip, Interfaks belleýär.