«Lebapgazçykaryş»: 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy
09:26 18.01.2022 7148
Geçen 2021-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri ýokary öndürijilik netijelerini gazandylar. Kärhana boýunça tebigy gazyň çykarylyşyny 12,4 mlrd kub metre barabar boldy, meýilnama 134% ýerine ýetirildi.
Geçen ýyl boýunça gaz kondensatynyň önümçiligi boýunça meýilnama 110% ýerine ýetirildi. Seýdiniň NGIZ üçin 47,3 müň tonnadan gowrak çig mal öndürildi.
«Mawy ýangyjyň» çykarylyşyny mundan beýläk hem artdyrmak maksady bilen geologiýa-gözleg işleri has ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda çuňlugy 3200 metre deň bolan gözleg-barlag guýusyny burawlap başladylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu ýerdäki gaz ätiýaçlyklary 30 mlrd kub metre barabardyr.
«Lebapnebitgazgzleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Malaý» gaz käninde çuňlugy 4000 metr bolan iki sany guýyny burawlap başladylar.
Ýatlatsak, mundan öň «Agarguýy» gaz käninde nobatdaky guýy üstünlili ulanylyşa girizildi, ondan gymmatly çig mal alyndy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.