Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler — Owganystanyň HBS-i
11:52 13.01.2022 11042
Ýakyn wagtda owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary bilen galan ýedi ylalaşyga gol çeker diýip, TOLOnews owgan telekompaniýasy Owganystanyň DIM-niň beýanatyna salgylanyp habar berýär.
«DIM-de ýakyn wagtda TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlar bilen TOPH gaz geçirijisi boýunça galan ýedi ylalaşyga gol çekiljekdigini habar berdiler» diýip, TOLOnews ýazýar.
Telekompaniýa şeýle hem Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň strategik barlaglar boýunça direktory Waliul Şahiniň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan TOPH taslamasy boýunça Owganystanyň paýyny karzyna töläp berer.
«Bu mesele babatda aýdylanda, biz çykdajylary töläp bilmegimiz üçin Türkmenistan Owganystana karz berer, Owganystan bolsa, geljekde taslamadan aljak girdejilerinden bergisini yzyna gaýtarar diýip gürleşdik» - diýip TOLOnews Şahiniň sözlerini getirýär.
TOLOnews-yň bellemegine görä, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 16 sany resminama bolup, şolardan 9-syna Owganystanyň öňki Hökümeti ýykylýança gol çekildi, galan 7-sine bolsa ýakyn wagtda gol çekiler.
Şol bir wagtda Owganystanyň Maliýe ministrliginde bellemeklerine görä, täze maliýe ýylynda TOPH taslamasyna býujet bölünip berler.
Ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr gaza barabar bolan TOPH magistral gaz geçirijisi Türkmenistanyň günortasyndaky «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üstünden, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň günbataryndaky Fazilka şäherine baryp ýeter.
Taslamany «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumy durmuşa geçirýär, «Türkmengaz» döwlet konserni onuň lideri bolup durýar. Konsorsiuma şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň "Inter State Gas Systems (Private) Limited" we Hindistanyň "GAIL" kompaniýalary girýär.
Deslap hasaplamalara görä, gaz geçirijiniň umumy bahasy 10 milliard dollara barabar bolar.
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralyndagaz geçirijiniň owgan böleginiň düýbi tutuldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.