Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gaz ýataklary ýüze çykaryldy
09:50 07.01.2022 15107
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän «Malaý» we «Naýyp» gaz känlerine ýanaşyk ýerlerde geçirilen geofiziki işleriň netijesinde «Demirgazyk Derwüş» we «Malaý» käniniň aşaky gatlaklarynda täze gümmez ýüze çykaryldy. Bu barada «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy M.Rozyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.
Bellenilişi ýaly, başlangyç bahalandyrma işleriniň görkezmegine görä, aşaky gatlaklarda gaz ätiýaçlyklary degişlilikde 30 mlrd we 21,7 mlrd kub metre deň boldy.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Malaý» gaz käninde çuňlugy 4000 metr we «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda çuňlugy 3200 metr bolan gözleg we barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.
Lebap welaýatyndaky «Malaý» ýatagyndan tebigy gaz 1986-njy ýyldan bäri alynýar. Başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz çykaryldy.
Häzirki wagtda bu ýerden gaz çykarmagy dowam etmek, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlakdan aşaky gatlaklaryň gaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, diňe «Malaý» ýatagyny däl-de, beýleki gaz ýataklaryny hem düýpli özleşdirmek işlerini çaltlandyrmalydygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň mundan beýläk-de dörediljekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri «Türkmengaz» döwlet konserniniň şu şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzda ýakyn ýyllarda tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak baradaky meýilnamalary durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün ediljekdigini aýtdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.