Gurbanguly Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlarynda gaz pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
20:10 05.01.2022 7538
Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew 2022-2023-nji ýyllar üçin niýetlenen iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologik-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan gaz känlerini döwrebaplaşdyrmak, täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek, dünýäde ekologik taýdan arassa gaz hökmünde ykrar edilen «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde ekologiýa ýagdaýyna, işleriň howpsuzlyk derejesine möhüm üns berilýändigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda nebitgaz toplumyna köp mukdarda maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini, şol serişdeleriň pudagy ösdürmekde, nebitgaz kärhanalaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmekde, geologiýa-gözleg, buraw işlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz känlerinde ýerine ýetirilýän işleriň howpsuzlyk derejesi hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hasabatlarda tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze känleri özleşdirmek boýunça bellenilen işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi.
Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işler, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze uglewodorod känlerini gözläp tapmak we ýüze çykarmak, olary ylmy esasda özleşdirmegiň hasabyna gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň mukdaryny artdyrmak hem-de önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly dünýäniň abraýly ugurdaş bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmelidigine ünsi çekdi.
Ýangyç-energetika toplumynyň, şol sanda geologik-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilmelidir. Önümçilik desgalarynda zerur bolan döwrebaplaşdyryş işleri geçirilmelidir, täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk teklipler taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz görkezme berdi.
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” gaz känine tarap ugrady. bu ýerde ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, “Malaý” gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory bu ýerde görkezilýän taslamalaryň we çyzgylaryň üsti bilen tebigy gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak, täze guýulary gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gümmez gatlagyndan alynýan tebigy gaz ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän, ekologik taýdan iň arassa gaz hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa dünýä bazarlarynda türkmen tebigy gazyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Türkmen Lideri täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geofiziki we geologik-gözleg işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de olaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, korporasiýanyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň batly depginlerde dowam edýändigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylym babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.