Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy
19:20 28.12.2021 12621
Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.
Prezident koronawirus pandemiýasy we dünýä ykdysady çökgünligi şertlerinde Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,2 göterim depginde saklap bilendigini belledi. Türkmen Lideri halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberiniň ösüşiniň bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edilendigini belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy.
Türkmen Lideri çylşyrymly şertlere garamazdan, örän köp işleriň bitirilendigini we örän köp soraglary çözmegiň başardandygyny, döwlet dolandyryşy, içerki we daşarky maliýe, söwda, şeýle hem zähmet bazary, harytlary öndürmek ýaly ugurlardaky özgertmeleriň çaltlandyrylandygyny belledi. Bu işler bolsa orta möhletli geljekde önümçiligiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Prezident ykdysadyýeti ösdürmegiň tassyklanan döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine ünsi çekip, gurluşyk, senagat pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylandygyny belledi. Puluň hümmeti bellenen çäklerde saklanýar. Ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek hem kabul edilen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki pudaklarda özgertmeler dowam etdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl gallanyň we gowaçanyň gowy hasylynyň alnandygyny, iri zawod-fabrikleriň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi. Geçirilýän özgertmelere laýyklykda, nebitgazly känler özleşdirilýär, gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.
Häzirki wagtda umumy şertnama bahasy 36 milliard dollara golaý bolan iki ýarym müňden hem köp önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ýakyn ýyllarda ykdysadyýetimizi ösdürmäge bolan goşandymyzdygyny belledi. Şu ýyl meýilleşdirilen 30 sany iri desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 iri desga ulanmaga berildi.
Bu aýdylanlara Lebap welaýatyndaky Kerki Halkara howa menzilini, iri elektrik we gaz basyş stansiýalaryny, Mary welaýatyndaky plastmassa turbalaryny öndürýän zawody hem mysal hökmünde agzap bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy işe girizildi.
Ýurdumyzda şu ýyl umumy meýdany 1 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, 7 mekdep, lukmançylyk edaralary we beýleki durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirildi.
Biziň bu tagallalarymyza geljek nesillerimiziň mynasyp baha berjekdigine ynanýaryn. Pandemiýa sebäpli dörän ählumumy çökgünligiň kynçylykly synagyndan geçip, biz geljekde öz öňümizde has batyrgaý maksatlary we wezipeleri goýarys. Geljek ýyly anyk işleridir täze taslamalary amala aşyrmak bilen besläris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Mejlisiň jemleri boýunça Prezident 2022-nji ýylyň nyşanyny we «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny tassyklady we Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.