Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
12:04 23.12.2021 6412
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
ICE Futures biržasynda TTF-niň ýakyndaky fýuçersleriniň bahasy sişenbe güni irden kub metri üçin 2039 müň dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
Bu söwdalaryň tutuş taryhynda rekord görkezijidir. Noýabrda şertnamalar 945 dollardan, dekabrda 1316 dollardan satylýardy. Ýylyň başyndan bäri şertnamanyň ortaça görkezijisi 537 dollara bardy.
«Gazprom» sişenbäniň gaz günleri üçin «Ýamal-Ýewropa» boýunça üstaşyr geçirimleri sargyt etmedi. Turbageçiriji togtadyldy we rewersiw tertibe geçirildi — gaz günbatardan gündogara gidýär.
Howa maglumatynyň täzelenen çaklamasy şu we geljek hepdede Ýewropada birnäçe gün sowuk howany wada edýär. 2021-nji ýylyň dekabrynda sebitda howanyň dekabr boýunça ortaça temperaturasy bir ýyl öňdäkiden 2 gradus aşak bolup durýar.
Şol bir wagtda Ýewropada energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden elektrik energiýanyň önümçiligi güýçli aşaklady. Duşenbe güni ýel geerasiýasynyň energiýa önümçiligine goşandy 9,4%-e barabar boldy, öňkisi hepde bu görkeziji 13,7%, ýekşenbe güni bolsa, 20% diýip, WindEurope birleşiginiň maglumatlary şaýatlyk edýär.
Ýewropanyň ýerasty ammarlarynda gaz ätiýaçlyklarynyň häzirki derejesi maksimal sygyjylygyndan 59,57%-e ýetdi. Bu bolsa soňky bäş ýylda ortaça görkezijiden 16,3 göterim hasabynda aşakdyr. Muňa Gas Infrastructure Europe-yň maglumatlary şaýatlyk edýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.