Aşgabat we Yslamabat TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirer

09:28 22.12.2021 7422

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3591/original-161c169f266965.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, duşenbe güni Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamyny ýetirdi.

R.Meredow iki ýurduň arasyndaky ýokary syýasy derejedäki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we has hem giňeldilmegi üçin esas döredýändigini belläp geçdi.

Taraplar energetika pudagyndaky özara hereketleriň starategiki binýat bolup çykyş edýän netijeli türkmen-pakistan ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýärler.

Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyna aýatyn üns berildi.

Ministr şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň iki ýurduň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine itergi berendigini belledi.

Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny wagtyndan öň tamamlamak üçin Bilelikdäki iş toparynyň çäginde geňeş döretmek teklip edildi diýip, Associated Press of Pakistan belleýär.

Başga makalalar
164c89d8058f2d.jpg
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


1621f0a1ea00e1.jpeg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.


1621f3a0fd3cca.jpeg
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy

Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.


164c74d1484a92.jpg
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.