Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

12:36 15.12.2021 12377

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3537/original-161b82b22e7fab.jpeg

14-nji dekabrda Türkmenistanda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Şu mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty işgärlerine gutlag hatyny iberdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem türkmen nebitçileri, gazçylary we geologlary tutanýerli zähmet çekip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Men ýubileý ýylynda «Malaý» ýatagynda gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» käninde çuň burawa niýetlenen ýokary basyşly gaz guýularynyň gurluşygyna girişilendigini şu baýramçylyk güni aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin» - diýlip Gutlagda bellenilýär.

Bilşiňiz ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürýär. Şoňa görä-de, bu pudak ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň, netijeli işleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar — diýip türkmen Lideri belleýär.

«Biz bu toplumy diwersifikasiýalaşdyrmagy, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmegi maksat edinýäris. Bu ugurda nebiti we tebigy gazy gaýtadan işläp, ýurdumyza daşyndan getirilýän zerur önümleriň täze görnüşlerini özümizde öndürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde nebitgaz pudagynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi berkarar döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine önjeýli goşant boldy. Häzirki wagtda-da pudakda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de kämil tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Amala aşyrylýan bu işler, hususan-da, gaz geçirijileriň gurluşygy sebitde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzda hem-de goňşy döwletlerde häzirki zaman senagat ulgamlaryny emele getirmäge şert döredýär. Bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Nebitgaz senagatynyň geljegi uly bolan täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek hem Garaşsyz döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini aýawly we netijeli ulanmak boýunça öňe sürýän strategiýalarymyzyň biridir.

Gaz senagatyna degişli täze taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylýan möçberlerini we ugurlaryny artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmakda alnyp barylýan bu işler guwandyryjydyr.

Türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň gujur-gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde täze tehnologiýalary peýdalanmak we ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze önümleri öndürmek, bu işlerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar.

«Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatynda öňde goýlan wezipeler, geljekde durmuşa geçirilmeli taslamalar köp. Men pudagyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn» diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gutlagynyň ahyrynda türkmen Lideri nebitgaz toplumyň işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.

Başga makalalar
167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


166702165d143a.jpg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.