Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
16:24 09.12.2021 5567
COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.
Amerikanyň Pfizer we Germaniýanyň BioNTech SE kompaniýalary sanjymlarynyň «omikron» ştammyna garşy netijeliliginiň barlaghana barlaglarynyň deslapky netijelerini çap etdiler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, sanjymyň üç dozasy «omikrona» garşy goragy üpjün etmäge ukyply.
«Treýderler «omikronyň» islegiň belli bir derejede gowşamagyna getirip biljegine, emma onuň garaşylyşy ýaly, ýarmaz bolmajakdygyny düşünýärler» diýip, Рrice Futures Group kompaniýasynyň nebit bazary boýunça analitigi Fil Flinn belleýär.
Brent nebitiniň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda penşenbe güni 76,42 dollara barabar boldy. Bu deslapky söwda sessiýasyndan 0,79 göterim ýokarydyr. Çarşenbe güni söwdalaryň netijeleri boýunça bahalar 0,5 gterim gymmatlap, 75,82 dollara ýetipdi.
WTI nebitiniň ýanwardaky fýuçersleriniň bahalary Nýu-Ýork haryt biržasynda 73,06 dollara barabar boldy, ösüş 0,97 göterim. Çarşenbe güni söwdalaryň barşynda onuň bahasy 0,4 göterim artyp, 72,36 dollara ýetdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.