Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

16:23 09.12.2021 6365

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3505/original-161b1acd37d1b8.jpeg

Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.

Analitikleriň pikirine görä, Brent söwda belgili nebit 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça barreli üçin üçin 71 dollara barabar bolar. Sentýabrda bu çaklama 63 dollardy.

Indiki ýyl üçin çaklama 55 dollardan 70 dollara, 2023-nji ýyl üçin bolsa, 53 dollardan 60 dollara çenli ýokarlandyryldy.

2020-nji ýyl üçin bahalaryň ortaça derejesi 43,3 dollara, 2016-2020-nji ýyl üçin 55,8 dollara barabar bolupdy.

Başga makalalar
16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


16322bd8218678.png
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.