Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramyna we Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine çagyryldy
14:06 05.12.2021 15071
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygynyň baýramyna we Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Hindistanyň Premýer-ministriiniň türkmen Liderine iberen hatynda bellenilip geçilýär.
Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellep, Modi ýetip gelýän 2022-nji ýylyň Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüljekgini hem-de diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenjekdigini belledi.
«Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar» - diýlip hatda aýdylýar.
Modi şeýle hem 2015-nji ýylda Türkmenistanda bolmak bagtynyň miýesser edendigini we 2010-njy ýylda türkmen Lideriniň Hindistana amala aşyran saparyny ýatlady hem-de bu saparlaryň «Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýandygyny» belledi.
Şeýle hem Modiniň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi.
«Hindistan Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýar hem-de sebit bilen mäkäm we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Respublikanyň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy hem teklip edýärin. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar» diýip Modi belledi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.