Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
10:15 30.11.2021 6765
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi.
15-nji Sammite YHG-nyň agza-ýurtlarynyň, hususan-da Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Sammitiň barşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Baştutany ýurduň Gurama başlyk etmeginiň çäklerinde öňe süren hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi we türkmen tarapynyň bu forumyň geçirilmegini oňa gatnaşýan-ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäre hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň YHG bilen gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini aýdyp, Türkmen döwletiniň Baştutany Guramanyň agza-döwletleriniň her biri bilen aýratynlykda alnyp barylýan dostlukly, hoşniýetli goňşuççylyk gatnaşyklarynyň hem netijeli ösdürilýändigini nygtady.
Forumyň barşynda çykyş eden YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de YHG-nyň Baş sekretary bu Sammitiň Guramanyň giňişliginde alnyp barylýan sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan derwaýys ugurlary boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler.
Häzirki wagtda Guramanyň çäklerinde agza-ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegi maksady bilen, köpugurly sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şonuň ýaly-da söwda, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky önjeýli özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler döredilendir.
YHG-nyň 15-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Soňra YHG-nyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Guramanyň agza-döwletleriniň wekilleri «ylym we tehnika», «ykdysadyýet», «taryh, medeniýet we şekillendiriş sungaty» hem-de «oba hojalygy we daşky gurşaw» ugurlary boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.