Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi
11:23 24.11.2021 5884
Duşenbe güni, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi, şeýle-de özara hereketleriň geriminiň giňledilmegi boýunça pikirleri alyşdylar.
Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen derwaýys ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine güýçli itergi berendigi bellenilip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we HHR-nyň köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny hem nygtadylar. Şonuň ýaly-da, ýurtlaryň «Hytaý + Merkezi Aziýa» formatyndaky netijeli özara gatnaşyklary hem bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegi babatynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, «ýaşyl» pes uglerodly ösüş, ulag we logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energo we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýändir.
Energetika, ulag we söwda ulgamlary iki ýurduň arasyndaky däp bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny düzýär.
Taraplar Türkmenistanyň hem-de HHR-nyň arasyndaky ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy, şeýle-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşaklyk, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda, ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp geçdiler.
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň barşynda şeýle-de nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de ösdürilmegi, özara düşünişmegiň we dostlugyň çuňlaşdyrylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň derwaýys ugry hökmünde öňe çykaryldy. Şunlukda ylym we bilim ulgamyndaky taslamalar, şeýle-de lukmançylyk we saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýandyr.
Şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, mejlisiň jemleri boýunça halkara resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi. Olaryň hatarynda: Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021-2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bardyr.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.