Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassykladylar
11:02 17.11.2021 7130
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambulda geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Iki döwletiň Liderleirniň duşuşygy Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň çäklerinde geçen anna güni geçirildi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan taraplaryň iki ýurduň bähbitlerine, sebitde we dünýäde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi, mizemez dost-doganlyk ýörelgeleri, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy umumylyk häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag-kommunikasiýalar, gurluşyk senagaty we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça pikir alşyp, iki ýurduň iri halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň synçy derejesinde bu gurama goşulyşmagy baradaky çözgüdiň giň ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.