Uzynada: nobatdaky guýudan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy
17:02 14.11.2021 6429
Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada käninde nobatdaky gözleg-barlag guýusyny burawlamak işlerinniň barşynda çig malyň senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Öndürijilikli plast 6860 metr çuňlukda ýüze çykaryldy. Başlangyç hasaplamalara görä, guýynyň gündelik öndürijiligi 120 müň kub metr tebigy gaza, şeýle hem 105 tonnadan gowrak nebit kondensatyna barabardyr.
Häzirki wagtda bu ýerde çuňlugy 7600 metre barabar bolan ýene-de bir guýuda buraw işleri alnyp barylýar. Belläp geçsek, bu ýurdumyzdaky iň çuň guýudyr. Bu günki gün bu ýerde buraw işleri 5,5 müň metre barabar boldy.
Häzirki zaman buraw desgalarynyň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy diňe bir tebigy gazy akymyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, uly göwrümli işleri ýerine ýetirmekde hem gymmatly tejribe boldy. Şu nukdaýnazardan işleri ýerine ýetirmekde howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, ekspedisiýanyň hünärmenleriniň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.