Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň on aýda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy
10:27 09.11.2021 6230
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berip, şol bir wagtyň özünde Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewi, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewi hem-de Baş prokuror B.Atdaýewi sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebit we gaz kondensatyny çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamyndaky önümçilik görkezijileri barada habar berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 122,8 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 134,7 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 123,9 göterim hem-de 139,6 göterim üpjün edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Türkmen Lideri uglewodorod çig malyndan öndürilýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini köpeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, şu maksatlar bilen, ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan etdi.
Türkmen Lideri wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Döwlet Baştutany Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip hem-de nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işine prokuror gözegçiligini gowşadandygyny aýdyp, oňa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.