10 aýda «Transneftiň» nebit geçirijileri arkaly Türkmenistandan 1,5 mln tonnadan gowrak nebit iberildi

10 aýda «Transneftiň» nebit geçirijileri arkaly Türkmenistandan 1,5 mln tonnadan gowrak nebit iberildi

Ýanwar-oktýabr aýlarynda «Transneftiň» nebitgeçirijileri boýunça Russiýa Federasiýasynyň çäginde Türkmenistandan 1,53 mln tonna nebit üstaşyr geçirildi. Şolardan oktýabr aýynda 80,9 müň tonna «gara altyn» iberildi. Bu barada Interfaks habar berýär.

Şol bir wagtda 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gazagystandan üstaşyr geçirilen nebit 11,05 mln tonna (oktýabrda – 1,22 mln tonna), Azerbaýjandan 837,93 müň tonna (169,56 müň tonna), Belarusdan – 1,42 mln tonna (146,3 müň tonna) barabar boldy.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, Russiýanyň nebit kompaniýalary 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýakyndaky ýurtlara nebit ibermelerini 8,4% azaldyp – 9,37 mln tonna ýetirdiler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993