Hünär kämilligi — möhüm wezipe

Hünär kämilligi — möhüm wezipe

Şu ýylyň 15-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde barha golaýlaşýan baş baýramymyz bolan ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny we onuň öňüsyrasynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öz çuň many-mazmunly çykyşynda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýaşlar syýasatyny ösdürmek we hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak wezipeleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek, önümçilikde ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksadynda «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň düzümlerinde geçirilýän halypa-şägirtlik duşuşyklary we önümçilik tejribelikleri ýaş hünärmenleriň durmuşynda ýatda galyjy pursatlara öwrülýär.

Müdirligiň Baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän «Ýylanly» önümçilik edarasynda özara tejribe alyşmak, işgärleriň hünär kämilligini ýokarlandyrmak maksadynda göreldeli zähmet çekýän halypa gazçylar bilen ýaş hünärmenleriň arasynda geçirilen duşuşyklar we önümçilik tejribelikleri gaz akdyryş müdirliginiň edara-kärhanalaryna soňky ýyllarda täze işe gelen ýaşlarda diýseň uly täsirleri galdyrdy. Olar bu desgada ruhubelent zähmet çekýän önümçilik edarasynyň gaz gysyjy gullugynyň inženeri Güýçgeldi Käbäýewiň we şol gullugyň dispetçerleri Kemal Toýlyýew hem-de Tirkeş Babaýew dagynyň iş üstünde gürrüň bermeklerinde «Ýylanly» önümçilik edarasynda bar bolan gaz kabul ediji, gaz gysyjy we sazlaýjy enjamlardyr tilsimatlaryň işleýşi hem-de zähmet köpçüliginiň önümçilik kuwwaty bilen ýakyndan tanyş boldular.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993