Arkadag şäherinde dekarbonizasiýanyň çäklerinde elektrik ulaglar işjeň ornaşdyrylýar

Arkadag şäherinde dekarbonizasiýanyň çäklerinde elektrik ulaglar işjeň ornaşdyrylýar

Türkmenistanda ykdysadyýeti dekarbonizasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde ulag serişdeleriniň elektrifikasiýasy işjeň durmuşa geçirilýär. Bu barada "akylly" şäherde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynda belläp geçildi.

“Forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýallakowyň bellemegine görä, täze Arkadag şäherinde jemgyýetçilik elektrobuslarynyň we elektrik taksileriniň üstünlikli ornaşdyrylmagy ulag serişdeleriniň elektrifikasiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen birlikde, elektrik ulaglary üçin elýeterli zarýad beriş infrastrukturasy hem ösdürilýär” – diýip, ol belledi.

Ýallakow ulag ulgamyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmagyň Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýtdy.

Ol Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen göreşmek we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak meselelerini halkara hyzmatdaşlygyny talap edýän global wezipeler hökmünde görýändigini nygtady.

"Döwletiň bu ugurda alyp barýan syýasaty halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we täze ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar" – diýip, ministriň orunbasary aýtdy.

YHG-nyň Durnukly ösüş boýunça birinji ministrler forumy 28–29-aprel aralygynda Arkadag şäherinde geçirildi. Forumyň maksady – YHG sebiti boýunça 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini amala aşyrmak üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek we häzirki zaman meselelerini çözmekde umumy çemeleşmeleri işläp düzmekden ybarat boldy.

Iki günlük foruma YHG agza döwletleriniň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, halkara guramalaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

YHG – 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan döredilen hökümetara sebit guramasydyr. Onuň maksady – agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy höweslendirmek bolup durýar. 1992-nji ýylda bu guramanyň düzümine Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan hem goşuldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993