Türkmenistan YHG-nyň Ylmy gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan YHG-nyň Ylmy gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

29-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasynyň prezidenti, professor Seýed Komail Taýebi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen YHG-nyň Ylym gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Taraplar ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we sebitde ykdysady ösüşi we integrasiýany höweslendirmek üçin ylym, tehnologiýa we innowasiýa pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetlidigini bellediler.

Mundan başga-da, ylmy ugurda hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegiň berkemegine, ösen tehnologiýalary alyşmaga we umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýandygy bellenildi.

Energetikanyň, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösüşi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça gözlegler, oba we suw hojalygyndaky innowasiýalar, sanlylaşdyrmak we häzirki zaman IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993