Türkmenistan we Owganystan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

09:16 03.11.2021 6587

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3239/original-16180dd5834232.jpeg

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kabul şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň jemleri ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttakiniň geçiren metbugat-maslahatynda aýdyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary gepleşikleriň oňyn hem netijeli häsiýetini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, 30-31-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy. Kabul şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy. R.Meredow türkmen tarapynyň Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge taýýardygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygynda geçirilen ykdysady meseleler boýunça duşuşyga Owganystanyň Ykdysadyýet, Maliýe, Jemgyýetçilik işleri, Dag we magdan, Energetika we suw serişdeleri, Aragatnaşyk, Senagat we söwda, Maglumat we medeniýet boýunça ministrleri, şeýle-de “Da Afghanistan Brishna Sherkat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy-ykdysady ulgamdaky özara hereketleriniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan hem, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgininiň işjeňleşdirilmegi, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, şeýle-de dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy arkaly iki ýurduň resmi we işewürlik düzümleriniň özara hereketleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary: «Biz iki ýurduň arasyndaky milli taslamalaryň mümkin bolan ýakyn wagtda işe girizilmegini ileri tutýarys, çünki olaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda howpsuzlyk talaplary hem döredildi», - diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen geçirilen gepleşikleriniň barşynda syýasy-diplomatik hem-de ynsanperwerlik ulgamyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň hökümet wekiliýetini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny beýan etdi.

Raşid Meredowyň hem-de Molla Muhammad Ýakubyň ýolbaşçylygynda geçirilen howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan duşuşygyna Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde Owganystanyň goranmak, içeri işler ministrleri, milli howpsuzlyk hem-de serhet müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda serhetýaka özara hereketleriniň giňeldilmegi bilen, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi we has hem pugtalandyrylmagy ugrundaky tagallalaryň dowam edilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi. Şunlukda, owgan tarapy umumy dostlukly serhediň, şol sanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.

Molla Ýakub: «Biz iki ýurduň arasyndaky infrastruktura hem-de ykdysady taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys», - diýip tassyklady.

Başga makalalar
164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


1684a868de806b.jpg
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.


1684bd5fa7a04a.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 9-11-nji iýuny aralygynda IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1684a8f104424b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.


1684d16c67d5d7.jpg
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.