Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de içerki sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu maksat bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ugurdaş düzümleýin desgalarda durkuny täzelemek hem-de düýpli abatlamak işleriniň ýerine ýetirilendigi, tehniki taýdan gözden geçirilendigi bellenildi. Häzir ýurdumyz boýunça täze hojalyklarda we ýaşaýyş jaý toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.
Sarp edijiler tarapyndan tebigy gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň we kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça degişli çäreler görülýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary, şol sanda mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny hem-de kärhanalary we guramalary gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary kadaly ýagdaýda saklamagyň hem-de olara ýokary hilli hyzmat etmegiň gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem tebigy gazy rejeli ulanmak, ilat tarapyndan gaz we ýyladyş enjamlarynyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr.
Döwlet Baştutany aýdylanlary jemläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.