Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň we «Tatneft» kompaniýasynyň ýurtda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça tekliplerine garady
22:19 28.10.2021 6524
Çarşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow käbir wise-premýerleriň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwrüne hem-de onuň ýerine ýetiren işi baradaky maglumatlara ünsi çekdi.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem slaýdlar arkaly Balkan welaýatynda ýerleşen Goturdepe we Altyguýy ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumatlary getirdi.
Bellenilişi ýaly, Goturdepe ýatagynyň çylşyrymly geologik gurluşy hem-de köp sanly bölünmeler sebäpli, ol dört bölege: Merkezi, Günbatar, Gündogar we Demirgazyk ýataklara bölünýär. Döwlet konserniniň ýolbaşçysy bu ýatakda gazylyp alynýan nebitiň gorlary barada sanlary, şeýle-de önümli gatlaklar hakynda maglumat berdi.
Döwlet konserniniň ýolbaşçysy hasabatynda soňky ýyllarda nebitiň gorlaryny netijeli çykarmak üçin guýulary düýpli abatlamak boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň baý tejribesi öwrenilýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlanan teklibi hödürledi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.
Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Soňra “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Nail Maganow ýurdumyzyň bazarynyň “Tatneft” üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işewür döwlet Baştutanynyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi.
Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem tablisalarda we çyzgylarda Goturdepe käninde geologik-tehniki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary, nebitiň çykarylyşynyň hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan nebit senagatynyň hyzmat ediş enjamlar ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler barada aýdyldy. Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri, ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyň garaşylýan görkezijileri barada maglumat berildi.
Türkmen Lideri “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekillerine hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli we oňyn çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, ösüşiň geljekki meýilnamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebitli känlerde hyzmatlary ýerine ýetirmegi dowam etmek boýunça kompaniýanyň hem-de känleriň gidrodinamiki nusgalaryny gurmak boýunça döwlet konserni tarapyndan hödürlenilen teklipler barada aýtmak bilen, tehniki, ykdysady we täjirçilik nukdaýnazaryndan bähbitleriň göz öňünde tutulyp, olary seljermek hem-de teklipleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna we taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini doly öwrenmek gerek diýip nygtady.
Türkiýe türkmen gazyny Anatoliýa TANAP boýunça getirmegi meýilleşdirýär
Türkmen tebigy gazyny Anatoliýa Anatoliýüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça ibermek bolar diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý belledi.
«Tatneft» Türkmenistanda önümçilik infrastrukturasyny giňeltmäge taýýarlanýar
«Tatneft» rus kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda bar bolan önümçilik infrastrukturasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Muňa türkmen habar beriş serişdelerinde neşir edilen degişli tender habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ýokarlandy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 6-njy iýulda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ýokarlandy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri aşakdaky çärelerine gatnaşmaga çagyrýar:
Türkmenistan we Malaýziýa energetika toplumynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparynyň netijeleri we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahim bilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.