ÝHHG Türkmenistanda energetika diplomatiýasy boýunça okuw geçirdi
14:44 27.10.2021 6830
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatynyň öňüsyrasynda ÝHHG nebitgaz ulgamynda energetika diplomatiýasynyň strategiýasyny işläp düzmekde we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesine bagyşlanyp, Aşgabatda onlaýn seminar geçirdi.
Seminara Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasyndan iki sany halkara bilermen energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlary hödürlediler, ählumumy we sebit ýörelgelerini seljerdiler hem-de halkara energetika howpsuzlygy bilen nebitgaz toplumyndaky durnukly ösüşiň arabaglanyşygyny beýan etdiler.
— Energetika diplomatiýasy — bu häzirki zaman diplomatiýasynyň iň täze ugurlarynyň biri. Soňky ýyllarda energetika toplumynda onuň orny artýar. Hut şonuň üçin hem energetika howpsuzlygy meseleleri ählumumy we milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, netijeli döwletara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy talap edýär – diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor belledi.
Bu duşuşyk ÝHHG-niň merkeziniň energetika howpsuzlygy ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň dowamy bolup durýar.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.