Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” halkara maslahatynyň maksatnamasyny makullady
11:57 26.10.2021 5941
27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, häzir foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, halkara maslahatyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forumyň Türkmenistanyň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyna eýe bolan strategik nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz şertleriniň biridir.
Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Türkmen Lideri hödürlenilen maksatnamany makullap, wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ol hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, umumy bähbitlere kybap gelýän täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin açyk meýdança öwrülmelidir.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.