Türkmenistan we ÝB energetika, söwda, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
09:37 25.10.2021 5185
Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ösüşi we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Özara hereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleriň hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar şeýle-de ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny hem aýratyn belläp geçdiler.
Söwda, energetika, ulag, kommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, haryt dolanşygyny artdyrmagyň, şeýle-de Türkmenistanyň we ÝB-niň ýurtlarynyň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri has hem ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.
Şeýle-de ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredilip geçildi.
Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
ÝB-niň tarapyndan duşuşyga Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.